Ýetilen sepgit 16 000 : Maksat 20 000

Iňlis dilini suwara bilmek üçin 16000 söz ýeterlik kabul edilýär. Makul Sözlük platformy (www.makulsozluk.com)  öz ulanyjylarynyň Iňlis we Türkmen diline bolan gyzyklanmalaryny hasaba alyp öz bazasyna jemi 16 150 sany esasy sözi ýerleşdirdi. Bazamyzdaky  Iňlis dilindäki sözleriň sinonimlerini hem hasaba alanyňda jemi 22 850 sany Türkmen dilindäki söz Makul Sözlügiň bazasynda öz ornyny tapýar. Iňlis we Türkmen dillerindäki esasy sözleriň jemi bolsa 39 000 sany bolup durýar. Bu sözler şeýle hem sesli berilýär.

Makul Sözlük düzülen wagty iň köp ulanylýan we durmuşyň her ugrunda gerekli sözler saýlanyp alyndy. Emma muňa garamazdan käbir giňden ulanylýan sözler gözden gaçan bolup biler we şeýle sözler yzygiderli bazamyza ýerleşdirilýär. Şol sebäpli Siziň gözleýän sözleriňizi tapmadyk wagtyňyz bize Habar bermegiňizi ( turkmenlawyer@hotmail.com ) haýyş edýäris.

Makul sözlük Applikasiýasyny Google Plaý Marketden “Makul Sözlük” ýazyp mugt  ýükläp alyň ýa-da şu ýere basyň alyň! Applikasiýany ýüklän ulanyjylara her gün 5 sany söz Iňlis we Türkmen dillerinde awtomatiki usulda gelýär we bu Siziň 1 ýylda 1825 sany täze sözler öwrenmegiňize mümkinçilik berýär.

Makul Sözlük mundan soňra öz Iňlis dilindäki sözlük bazasyny 20.000 esasy söze çenli artdyrmagy maksat edinýär. Şonda esasan hem hukuk, ykdysadyýet, lukmançylyk, inženerçilik ýaly ugurlara degişli täze sözler bazamyza goşular. Biz Makul Sözlügi diňe bir sözlük bolman, eýsem Iňlis dilini gyzykly öwrener ýaly platforma öwürmek isleýäris we oýunlar, suratlar we ýörite programmalary yzygiderli Intellektual sahypamyza ýerleşdirip durýarys. Kämillgiň soňy ýok we biz täze-täze bölümler bilen Siziň gaşyňyza gelip durarys. Size bolsa, şu wagta çenli girizilen bölümler bilen tanyşmak, ulanmak, peýdalanmak we halasaňyz öz dost -ýarlaryňyz bilen paýlaşmak galýar! Ýakynda biz beýleki dilleri hem bazamyza goşarys.

Makul Sözlük Platformynda haýsy bölümler bar:

Makul Sözlük Platforynda Türkmen dilindäki ilkinji online krossword sahypasy bolan Atavatan Krossword  sahypasy,  çagalar üçin ýörite çekilen suratlary  parçajyklardan düzmek mümkinçiligi berýän   Makul Puzzle, durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlemi Türkmen we Iňlis dilinde ýazmaça we sesli görnüşde berilýän Makul Sözlem, her gün täzelenýän we 15 sany Türkmençe sözi berýän we Iňlis dilindäki jogabyny tapmaga mümkinçilik döredýän  Makul Krossword, ýokaryda agzalan 700 sözlemiň nähilli düzülýändigini oýun arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýän Sözlemli Oýun, çagalar üçin 375 sany suratdan ybarat  sözleri Iňlis we Türkmen dillerinde sesli we ýazmaça berýän, şeýle hem bu sözleri sözlemler içinde ulanyp görkezýän Suratly Sözlük,  ýokaryda agzalan 375 sözi Iňlis dilinde oýnyň üsti bilen özleşdirmäge mümkinçilik berýän  Oýunly Sözlük,  kompýuteriňize ýörite programmany ýüklän ýagdaýyňyzda  Siziň bilmeýän sözleriňizi size awtomatiki usulda getirip berýän Makul Sözlük Extension we  Iňlis dilinde söz tapmaga mümkinçilik berýän Makul Sözi Tap kiçi bölümleri biziň Intellektual kiçi sahypasynda öz ornuny tapýar.  Iňlis dilinde iň köp ulanylýan 200 sany Phrasal  verbs-ler (frazalogizmler) ýagny Durnukly Söz düzümleri Iňlis we Türkmen dillerinde hem berilýär. Bu Phrasal  verbs-ler şeýle hem sözlem içinde mysallar bilen her iki dilde hem düşündirilýär.  Makul Sözlükde şeýle hem Irregular verbs-ler  ýa-da  Nädogry Işlikler bölüminde iň köp ulanylýan 100-den gowrak Irregular verbs-ler 3 ýagdaýda özi hem her biriniň Türkmen dilindäki terjimesi bilen berilýär.

Okap bilersiňiz  Rus mekdeplerinde daşary ýurtlularyň çagalaryna bilim bermek işi düzgünleşdirilýär

Bu bölümleriň her biri hem gyzykly hem-de peýdaly bolmak ýaly aýratynlyklary bilen üns çekýär.

Intellektual Sahypamyz boýunça Bölümler aşakda berilýär we Siz gyzyklanýan bölümiňiz üçin şol bölümiň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Ýapon maňyzynyň peýdasy

Atavatan Krossword

Makul Puzzle

Makul Sözlem

Makul Krossword

Sözlemli oýun

Suratly Sözlük

Oýunly Sözlük

Makul Goşundy

Makul Sözi Tap

Söz Düzümleri (Phrasal verbs)

Nädogry Işlikler (Irregular verbs)

Paýlaşyň
Siziň bellikleriňiz<
Siziň bellikleriňiz
Bize ýazmak isleýäňizmi?Baş üstüne...
Indiki
Email salgyňyz
Yza
Iberiň
Sagboluň!