Idiomalar: Diller dünýäsiniň ajaýyp bir bölegi

Iňlis dilini öwrenýän mekdep okuwçysy “cat” sözüni gözüni gyrpman “pişik”  diýip terjime etjekdigi gürrüňsizdir. Emma “dog my cats” diýen idiomany  – “it meniň pişiklerim”, meniň pişiklerim it??, it pişiklerim??  görnüşinde terjime edilse, elbetde, ol gülkünç hem-de düýbünden manysyz boljakdygy düşnüklidir. Onuň dogry terjimesi  1) “eýesiz galan! Haý jyn uran! 2) walla, dogrymy aýdýaryn, gara çynym” bolýar. Ýa-da “bell the cat” söz düzümini terjime etjek boluň. Terjime sözme-söz edilse (jaň kakýan pişik??), hiç bir mana eýe bolmaýar. Bu jümläniň edebi terjimesi “batyrgaýlyk etmek, ýürek etmek, milt etmek; howply işde töwekgelçiligi boýnuňa almak” bolýar. Çaşynyyň gözüne sereden ýaly iňlis dilindäki bu durnukly söz düzümleri dil öwrenýänler idiomarayň manylaryna düşünýän we olary dürs ulanyp bilýän bolsalar, onda olar iňlis diline oňat düşünýän hasaplanyp biliner.

Iňlis dilinde iň köp ulanylýan Idiomalary www.makulsozluk.com saýtynyň Intellektual sahypasyndan manysy we sözlem içinde ulanyş mysallary bilen şu ýere basyp okap bilersiňiz!

Eýsem, idioma näme, beýleki söz düzümerinden ol nähili tapawutlanýar. Bu günki söhbetdeşligimiz şular barada bolar. Başda idioma adalgasynyň manysy: idioma (grekçe idíоma) – “aýryatyn, özboluşly, üýtgeşik, adaty bolmadyk” diýen aňlatma bolup durýar.

Dil birligi hökmünde, idiomalar ”taýýar”, bölünmeýän bitewi durnukly söz düzümidir.

Idiomalaryň many taýdan çuňlugy, çeperçilik öwüşginligi, gepleşik we çeperçilik dilini has duýguly, täsirli, şüweleňli, özüne çekiji edýär.

Adaty sözlemlerden tapawutlykda, idiomalaryň düzümindäki ulanylýan aýry-aýry sözleri terjime edilende manysyz, many bermeýär, ony düzýän sözler bilen göni  laýyk gelmeýär; ol diňe leksiki düzümleriň içinden bitewi bir many çykaryp bolýanlygy bilen häsiýetlendirilýär.

Idiomalar görnüşleri boýunça:

a) bir diliň içinde we

b) dürli dilleriň arasyndakylara bölünýär.

Idiomalaryň  aýratynlyklary, belläp geçişimiz ýaly,  olary sözme-söz terjime edilse, hiç bir many bermeýän, manysyz sözleriň toplumy bolýar.

Idioma özüniň düzümindäki sözleriň hakyky manylaryndan gelip çykmaýan bitewi, tutuş mana eýe bolan aýratyn görnüşdir. Şol sebäpli-de, idiomalary başga dillere terjime etmek uly ussatlygy talap edýär.

Idiomanyň düzümine ne artykmaç söz goşup bolýar, ne-de aýryp bolýar.

Söz düzümleriň erkin dälligi (bolmazlygy), idiomatik birlikleriň dürlüligi, ýagny leksiki idiomalaryň manysyna düşünmek üçin aýry-aýry sözleri biri-birinden üzňelikde däl-de, jümledäki ähli sözleri bilelikde alyp, gepleýän adamyň ýa-da awtoryň aýtmakçy bolýan pikirine düşünmek zerur, söz düzümleriniň we sözleriň  göçme manyda ulanylyşyna üns berip, sözlemi, hat-da gerek bolsa giden abzasy hem doly terjime etmeli.

Iňlis dilinde şöl bir sözüň onlarça, hat-da garşylyklaýyn manylary bolýar. (Meselem, to get, to run we beýleki sözler) .

Idiomalar iňlis dilinde örän  giňden ulanylýar; olar gepleşik dilinde ýörgünli, lenç edilen aňlatmalara öwrülip gidendir. Idiomalaryň bir topary bolsa slenge öwrülipdir.

Idiomalar aşakdaky ýagdaýlar bilen häsiýetlendirilýär:

  • iki sözden we ikiden köp sözlerden ybarat bolmalydyr.
  • diňe olara mahsus bolan aýratynlygy bolmalydyr.
  • idiomadaky durnukly söz düzüminiň sözleriň ýerini üýtgedip bolmaýar.
  • idiomanyň tutuş manysyny ony düzýän bölekleri diňe bitewilikde alnanda leksiki many çykaryp bolýar.
  • idiomanyň düzümindäki sözler aýry-aýrylykda unanylsa, onuň leksiki manysy ýitirýär.
  • durnukly söz düzüminyň arasynda grammatik arabaglanyşyk  bolmaýar.

Idiomalary terjime etmek meselelerine gaýdyp gelsek, olaryň aşakdaky   usullary bardyr:

a) ekwiwalentlik, ýagny manysy we täsirliligi boýunça türkmen we iňlis dillerinde hem laýyk gelýän görnüşli. Mysallar:

   as cold as as ice – buz ýaly sowuk

  a mantoman talk – erkek  ýaly gürleşmek (egri oturyp, dogry gürleşmek).

a wolf in sheep’s skin. – Goýun derisine giren möjek;

be in two (twenty) minds — göwnüňi ikä bölmek, ikirjeňlenmek.

better later than never  – hiçden giç ýagşy

to have an open hand – eli açyk (jomart) bolmak.

knowledge is power. – Bilim – güýçdir (bilimli  müňüni ýykar)

to know  what is what — Nämäniň nämedigini bilmek, baş çykarmak

to keep one’s mouth shut — agzyňy berk ýummak, geplemezlik

to play with fire ot bilen oýun etmek,

There is no fire without smoke – Tüssesiz ot bolmaz.

heartto-heart  talk – ýürekdeş  söhbetdeşlik

at the ends of the earth – ýeriň aňry ujunda we beýlekiler;

b) analog – (meňzeş zat, deň zat) – türkmen dilindäkä manysy boýunça gabat gelýän durnukly söz düzümi, emma görnüşi boýunça doly ýa-da bölekleýin tapawutlanýanlar:

   A burnt child dreads the fire – Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer(Ýanan caga otdan gorkar).

A broken friendship may be soldered, but will not be sound. – Döwlen göwün  seýik tutmaz.

Diamond  in the rough – Göwher kül içinde. (Gülüň biten ýerinde gadyry ýok)

Finger in the pie – Bal tutan, barmagyny ýalar.

Kill two birds with one stone – Bir okda iki towşan awlamak.    

Old habits die hard – Öwrenilen gylyk örkleseň-de durmaz.Send not a cat for lard – goýny gurda tabşyrmak  (sözme-söz:  pişigi ýaga ibermek);

Talk to the devil and he will appear – gurt agzasaň, gurt geler.

ç)  beýan ediji, teswirleýän terjime, ýagny idiomanyň  manysynyň terjime-si erkin söz düzümleri bilen berilýär. Ol türkmen dilinde düýbünden ekwiwalent we ananlogy bolmadyk ýagdaýynda ulanylýar. Mysallar:

It is no use crying over spilt milk. – indi işi düzedip bolmaz. (süýt dökülenden soň gykylykdan ne peýda). 

Fine (fair, soft) words butter no parsnips  – Gury sözden palaw bolmaz; boş sözden netije bolmaz.

Eat the calf in the cow’s bell. –  Bitmedik ýowşanyň düýbünde dogmadyk towşan.    (Sygryň garnyndaky [dogmadyk] göläni iýmek)–

Good walls make good neighbours – kyýamat güni goňşudan.

A little knowledge is a dangerous thing. –  Çala eşiden çatma ýykar.

Follow the river and you’ll get to the sea. – Ýodany yzlasaň, ýola bararsyň;

d) antonim görnüşli (manysy boýunça gapma-garşylyklaýyn terjime:

mysal üçin:

hold cheap – gadyryny bilmezlik, aýamazlyk,

keep one’s head – kelläňi ýitirmezlik,

Keep one’s pecker – ruhdan düşmezlik we ş.m.

Hope against hope – Çykmadyk janda umyt bar.

e) kalka ýoly (başga bir dildäki sözleri terjime etmek ýoly bilen aňlatma: terjimäniň beýlki görnüşleriniň hiç biri gabat gelmedik ýagdaýynda ulanylýar:

Yellow dog –haýyn, gorkak adam, ýigrenji  zat,

 When the devil is blind – hiç haçan, eşegiň guýrugy ýere ýetende, hiç wagt  

Love smb. as devil loves holy water  – gaçmak, gaça durmak; bir zady erbet ýigrenmek (ýylanyň ýigreneni narpyz, ol-da hininň agzynda gögär.

Dove of peace. – Parahatçylyk simwoly 

Health is not valued till sickness comes. – Saglygyň gadyryn bilgil, hassa bolmazdan burun (Magtymguly).

I can’t make head or tail of it.  aýdylýan zadyň başyny-aýagyny tapmazlyk,  düşünmezlik

Weigh (discuss) the pros and cons — zyýayny-zelelini ölçermek/ sallarlap görmek

(for) donkey’s years — eşegiň guýrugy ýere ýetende (uzak wagt)

f) kombinirleýen – utgaşdyrylan, birleşdirilen terjime – türkmen diline terjime edilende iňlis dilindäki idiomanyň manysynyň diňe ýerli mahsusly (häsiýetli) aýratynygy sebäpli düýbünden gabat gelmezligi;

Carry coal to Newcastle – Nýukasle kömür eltmek (ýagny bir zadyň bol ýerini şol zady getirmek) – derýaň başynda suw hödürlemek

Niether  man, nor mouse – janny-jemende ýok

The King’s (Queen’s) peace – jemgyýetçilik tertibi, asudalyk, parahatlyk.

A light purse makes a heavy heart.  – Garyplyk (eliýukalyk) adamy uly derde goýýar .

Every man has his faults – Bir kemsiz gözel bolmaz.

Speech is silver, silence is gold. –Ýa dür saç,  ýa lala aç Magtymguly) 

(çeper) gürlemek kümüş, dymmak altyn

A thief  knows a thief as a wolf knows a wolf. – Pis pisi tapar, suw – pesi.

A light purse is a heavy curse. –Eli ýukalyk – dert.

Every dog has hiday.  – Biziň hem köçämizde toý bolar

Hot dog – gyzgyn sosiska

To see the sun – dogulmak,dünýä inmek.

When two Sundays come together – hiç haçan, eşegiň guýrugy ýere ýetende, hiç wagt  

Opportunity only knocks once or Opportunity seldom knocks twice– Adama mümkinçilik diňe bir gezek berilýär.

Bite the hand that feed you – ýagşylyga  ýamanlyk (çörek berýän eli dişlemek), suw içýän guýyňa  tüýkürmek

Put your hand no further than your sleeve. –  Ýorganyňa görä aýak uzat. – (Ýeňiňden artyk goluňy uzatmazlyk).

  Sözümizi jemläp aýtsak, idiomalar diller dünýäsiniň sözleýiş edebiniň we endiginiň hemişe täzelenip durýan ajaýyp bir bölegidir.

 

Paýlaşyň
Siziň bellikleriňiz<
Siziň bellikleriňiz
Bize ýazmak isleýäňizmi?Baş üstüne...
Indiki
Email salgyňyz
Yza
Iberiň
Sagboluň!