Döwrebap Iňlis-Türkmen-Rus sözlügi
Makul Sözlük, dilleri öwrenmek isleýänler üçin döredilen iň kämil sanly platformadyr. Bu taslama Iňlis, Türkmen we Rus dillerini suratlar, audio sesler we nusgalyk sözlemler arkaly öwretmegi maksat edinýär.
Soraglaryňyz ýa-da teklipleriňiz bar bolsa: info@makulsozluk.com , turkmenlawyer@gmail.com
“Makul Sözlük” — häzirki zaman talaplaryna laýyklykda döredilen sanly we sesli sözlük taslamasy bolup, türkmen dilini ösdürmek, öwrenmek we dünýä derejesinde tanatmak maksady bilen taýýarlanyldy. Bu taslama türkmen we iňlis dilleriniň arasynda ygtybarly köpri bolup hyzmat edýär. Taslama ilkinji gezek döredilen gününden başlap, yzygiderli ösdürilip, häzirki wagtda 15 müňden gowrak esasy sözleri we sinonimleri bilen bilelikde 25 müňden gowrak söz goruny öz içine alýar. Şeýle-de ulanyjylar türkmen–iňlis, iňlis–türkmen hem-de beýleki diller boýunça giň mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler. “Makul sözlük” onlaýn sahypasy bolan www.makulsozluk.com Türkmen, Iňlis, Rus we Türk dillerinde sözlük hyzmatyny berýär. Makul Sözlük mazmuny “Makul Sözlük” diňe bir sözlük däl, eýsem giň mazmunly dil platformasydyr. Onda: nädogry işlikler (irregular verbs) idiomalar kök sözler, prefiksler we suffiksler söz düzümleri we gündelik ulanylýan sözler türkmen we iňlis nakyllary ýaly baý dil maglumatlary ýerleşdirilendir. Oýunly sözlük (Interactive Learning) “Makul Sözlük” platformasynda ýerleşdirilen oýunly sözlük bölümi dili öwrenmegi has gyzykly we täsirli edýär. Bu bölümde ulanyjylar dürli oýunlaryň üsti bilen täze sözleri öwrenip, öz bilimlerini barlap bilerler. Oýunly sözlük: sözleri ýatda saklamagy ýeňilleşdirýär öwreniş prosesini gyzykly edýär dürli ýaşdaky ulanyjylar üçin amatlydyr Bu aýratynlyk häzirki zaman bilim tehnologiýalarynyň möhüm bölegi bolup, dili öwrenmegi diňe bir okuw däl, eýsem lezzetli tejribe edýär. Çagalar üçin sözlük (Kids Dictionary) Taslamanyň möhüm bölekleriniň biri hem çagalar üçin ýörite taýýarlanan sözlükdir. Bu bölüm ýaş nesliň dili ýeňil we düşnükli görnüşde öwrenmegine gönükdirilendir. Çagalar üçin sözlük: ýönekeý we düşünikli düşündirişleri öz içine alýar suratlar bilen baýlaşdyrylan başlangyç derejedäki okuwçylar üçin amatly dili öwrenmäge bolan gyzyklanmany artdyrýar Bu bölüm arkaly çagalar ir ýaşdan dili öwrenmäge höwes döredýärler. Kitaplar we Makul seriýasy “Makul Sözlük” taslamasynyň çäginde birnäçe möhüm kitaplar taýýarlanyldy: Makul English–Turkmen Dictionary – giňişleýin sözlük Makul English–Turkmen Language Handbook – dil gurluşy we işlikler boýunça gollanma Makul English–Turkmen Proverbs – nakyllar ýygyndysy Bu eserler bilim, ylmy we amaly taýdan uly ähmiýete eýedir. Bu kitaplar meşhur “Amazon” platformasynda neşir edildi we satuwa çykaryldy. Halkara derejesindäki ykrar edilmegi “Makul” seriýasyna degişli kitaplar dünýäniň abraýly kitaphanalarynyň kataloglaryna girizildi. Olaryň arasynda: ABŞ-nyň Kongres kitaphanasy (Library of Congress) Garward we Stanford uniwersitet kitaphanalary “New York Public Library” – Nýu-Ýorkuň Jemgyýetçilik kitaphanasynda bar bolup, bu ýagdaý taslamanyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. Makul Hyzmat – goldaw “Makul Sözlük” taslamasy “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi tarapyndan goldanylýar we ösdürilýär. Bu merkez taslamanyň ösüşinde, mazmunynyň giňeldilmeginde we halkara derejesinde tanadylmagynda möhüm rol oýnaýar. Mobil goşundylar we sanly platforma “Makul Sözlük” häzirki wagtda mobil goşundy hökmünde hem ulanyjylara hödürlenýär: iOS (App Store) Android (Google Play) Goşundynyň aýratynlyklary: sesli sözlük (talaffuz bilen) çalt gözleg ulgamy 25,000-den gowrak söz bazasy köp dilli mümkinçilikler REDAKSION TOPARY WE DIZAÝN Dr. Döwran Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda bu taslamanyň taýýarlanmagyna birnäçe alymlar we hünärmenler gatnaşdy. Redaksiýa toparynyň düzümine aşakdakylar girýär: Amangeldi Baýgeldiýew — Filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Azat Nazarow — Dilçi Kristofer Wizda – Magaryfçy we halkara ösüş hünärmeni Şamil Roznazarow — “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň direktory Dowran Orazgylyjov — Hukuk ylymlarynyň doktory, awtor we baş redaktor Gollanmanyň kompýuter dizaýny ýaş hünärmen Ysmaýyl Orazgylyjov tarapyndan ýerine ýetirildi. “Makul Sözlük” — türkmen diliniň sanly ösüşine hyzmat edýän, döwrebap bilim platformasydyr. Ol diňe bir sözlük bolman, eýsem ähli ýaşdaky ulanyjylar üçin döredilen giňişleýin okuw ulgamydyr.