“Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikada neşir edildi we “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy
- Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň ýubileý 30 ýyllygyna gabatlanyp, çapa taýýarlanan “Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edilip, häzirki wagtda “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy. Kitaby bu linkden satyn alyp bilersiňiz https://www.amazon.com/dp/B0FQ1D2KRN Giň gerimli sözlük — 16 500 söz, ýörite adalgalar Täze sözlük jemi 16 500 iňlis dilindäki sözleri we olaryň on müňlerçe […]“Windows” üçin Sözlük: “Makul Sözlük”
- Ýükläp almak üçin Internete birikmezden kompýuterlerde sözlük ulanmak isleýänler üçin täze programma işlenip düzüldi. Makul Sözlük Platformy tarapyndan “Windows” üçin sözlük-“Makul Sözlük” taýýarlandy. Mälim bolşy ýaly, Türkmen we Iňlis dillerindäki ilkinji akylly we sesli sözlük bolan Makul sözlügi www.makulsozluk.com saýtyndan ulanyp bolýar. Şeýle hem mobil telefonlar üçin “Google Play” marketden “Makul Sözlük” applikasiýasyny şu ýere […]Idiomalar: Diller dünýäsiniň ajaýyp bir bölegi
- Iňlis dilini öwrenýän mekdep okuwçysy “cat” sözüni gözüni gyrpman “pişik” diýip terjime etjekdigi gürrüňsizdir. Emma “dog my cats” diýen idiomany – “it meniň pişiklerim”, meniň pişiklerim it??, it pişiklerim?? görnüşinde terjime edilse, elbetde, ol gülkünç hem-de düýbünden manysyz boljakdygy düşnüklidir. Onuň dogry terjimesi 1) “eýesiz galan! Haý jyn uran! 2) walla, dogrymy aýdýaryn, gara çynym” bolýar. Ýa-da “bell the cat” söz düzümini terjime […]Prefiksler we Suffiksler : Makul Sözlük hödürleýär!
- Iňlis dili söz düzümi boýunça dünýäde iň baý dilleriň biri hasaplanýar. Bu diliň sözlük gory düýp sözlere – atlara, işliklere, sypatlara … söz ýasaýyjy goşulmalaryň, ýagny prefiksleriň (lat. prae – öňünden, fixus – goşundy) – asyl sözleriň öňünden goşulýan söz üýtgediji goşulmalaryň, suffiksleriň – düýp sözleriň yzyna goşulmagy arkaly artdyrylýar. Meselem, daşary ýurtly alymlaryň maglumatlaryna […]Ýetilen sepgit 16 000 : Maksat 20 000
- Iňlis dilini suwara bilmek üçin 16000 söz ýeterlik kabul edilýär. Makul Sözlük platformy (www.makulsozluk.com) öz ulanyjylarynyň Iňlis we Türkmen diline bolan gyzyklanmalaryny hasaba alyp öz bazasyna jemi 16 150 sany esasy sözi ýerleşdirdi. Bazamyzdaky Iňlis dilindäki sözleriň sinonimlerini hem hasaba alanyňda jemi 22 850 sany Türkmen dilindäki söz Makul Sözlügiň bazasynda öz ornyny tapýar. Iňlis we Türkmen […]
Iňlis dilindäki nädogry işlikleri özleşdirmegiň usullary
- Nädogry işlikler (irregular verbs) – iňlis dilinde iň bir giňden, hatda durnukly söz düzümlerinden-de ulanlylýan sözlere degişlidir. Olaryň sany – könelişenlerini we ulanyşdan galanlary hasaba almak bilen – 470 ýetýär. Olaryň häzirki zamandan tapawutlykda öten zamanda düýbünden başga söze öwrülmegi, başsyz-baratsyz, hiç bir kadasyz üýtgemegi, degişli sözleri saýlap almakda kynçylyk döretmegi bu dili öwrenýänleri amatsyz […]Phrasal verbs ýa-da Durnukly Söz düzümleri
- Iňlis dilini aňsat we gyzykly öwrenmäge mümkinçilik döredýän Makul Sözlük Platformy ýene bir hyzmaty ýola goýýar. Iňlis dilinde iň köp ulanylýan 200 sany Phrasal verbs (frazalogizmler) ýagny Durnukly Söz düzümleri Iňlis we Türkmen dillerinde Size ýetirilýär. Bu Phrasel verbs-ler şeýle hem sözlem içinde mysallar bilen her iki dilde hem düşündirilýär. Ýakynda Phrasel verbs-leri Iňlis we Türkmen dillerindäki […]Täze Oýun: Makul Sözi Tap!
- Iňlis dilini gyzykly öwrenmek üçin öz mümkinçiliklerini giňeldýän Makul Sözlük, ýene bir oýny hödürleýär: “Makul Sözi Tap”! Makul Sözi Tap oýnamak üçin şu ýere basyň ! Bu oýny aňsatlyk bilen tapmak üçin saýtymyzyň Intellektual sahypasyna giriň we ol ýerden islän bölümiňizi saýlaň! “Makul Sözi Tap” oýnunda bir gutujykda birnäçe harp berilýär we gutujygyň gapdalynda 7 sany Iňlis dilindäki […]Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär
- “Makul sözlük” Applikasiýasy täzelendi. Siz indi täzelenen Applikasiýada Çagalar üçin ýörite taýýarlanan “Suratly sözlük” we “Oýunly sözlük” bölümlerini “offline” görnüşde hem ulanyp bilersiňiz. Mundan beýläk çagalar internet bolmazdan hem “suratly sözlük” we “oýunly sözlük” bölümlerini ulanyp bilerler we suratlaryň üsti bilen iňlis dilini has gyzykly we aňsat özleşdirerler! Has golaý wagtda “Makul Sözlük Applikasiýasy” ýene-de […]
Çagalar Iňlis dilini Makul Sözlemler bilen aňsat öwrenýär!
- Çagalar indi Iňlis dilini has aňsat we gyzykly öwrenýär! Makul Sözlük öz mümkinçiliklerini artdyrýar we täze bölümleriň üsti bilen Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin goşmaça şertler döredýär. Ýadyňyzda bolsa ýakynda Makul Sözlük saýtyna we Applikasiýasyna täze bölüm goşuldy we Çagalar üçin jemi 375 sözden ybarat Türkmen we Iňlis dillerindäki sözler suratlaryň üsti bilen gyzykly öwrenmek […]


