Iňlis dilindäki nädogry işlikleri özleşdirmegiň usullary

Comments Off on Iňlis dilindäki nädogry işlikleri özleşdirmegiň usullary

Nädogry işlikler (irregular verbs) – iňlis dilinde iň bir giňden, hatda durnukly söz düzümlerinden-de ulanlylýan sözlere degişlidir. Olaryň sany – könelişenlerini we ulanyşdan galanlary hasaba almak bilen – 470 ýetýär. Olaryň häzirki zamandan tapawutlykda öten zamanda düýbünden başga söze öwrülmegi, başsyz-baratsyz, hiç bir kadasyz üýtgemegi, degişli sözleri saýlap almakda kynçylyk döretmegi bu dili öwrenýänleri amatsyz ýagdaýa salýar.

Irregular verbs-ler we Nädogry Işlikler bölümi üçin şu ýere basyň!

Daşary ýurt dillerini öwrenýänler iňlis diliniň özboluşly aýratynlygy bolan nädogry işlikleri özleşdirmekde, olara dogry düşünip, uzak wagtlap ýatda saklamak, gerek ýerinde olary dürs goýmagy başarmakda köp kynçylyklar cekýärler. Nädogry işlikler – bu halkyň taryhy, diliniň ösüş medeniýeti bilen berk baglanyşyklydyr.

Nädogry işlikleri durnukly özleşdirmekde adamlar dürli usullary ulanyp görseler-de, bu mesele asyrlaryň dowamyndan aradan aýrylman gelýär.

Hakykatdan-da, orta mekdepde “iki ikiň dört bolýar” diýip ony on ýyllap mehaniki usulda, heçjikläp özleşdiseler-de, derrew ýatdan çykarýarlar.

Nädogry işlikler, edil dogry işlikler ýaly, sözlemleriň öten zaman şekillerini ýasamakda ulanylýar. Şonuň üçin, ilki iňlis dilindäki dogry we nädogry işlikler diýen düşünjelerden başlalyň. Dogry işlikler sözlemiň habarynyň – düýp işligiň – yzyna –ed ýa-da –d goşulmasynyň goşulmagy arkaly ýasalýar. Mes.: They played football yesterday – Olar düýn futbol oýnadylar. It snowed last night – Öten agşam gar ýagdy. I worked there three years ago.- Men ol ýerde üç ýyl mundan öň işledim.

Iňlis diliniň tapawutly aýratynlyklarynyň biri bolan nädogry işlikler ýokar-da agzalan kada düýbünden laýyk gelmeýär. (şonuň üçinem olara “nädogry”, kada boýunça üýtgemeýän işlikler diýilýär).

– Diňe ýönekeý öten zaman (past tense form) we öten zaman ortak işlik (past participle) şekillerinde ulanylýan

Özboluşly ýasalyş usullary bilen tapawutlanýan we ençeme asyrlap üýtgewsiz galmagyny dowam etdirýän nädogry işlikler hiç bir kada boýun egmeýär dogry işlikleriňki ýaly emele getirilmeýär. Nädogry işlikleriň görnüşleriniň belli bir kada gabat gelmeýändigi sebäpli olar sözlüklerde berilýär. Birinji sütünde işligiň nämälim häz. zaman görnüşi, ikinjide – ýönekeý öten zaman we üçünji sütünde onuň öten zaman ortak işlik (Past participle) şekili berilýär. Mes.: arise – arose – arisen; be -was ýa-da were- been, do-did-done let –let-let we ş.m.

Iňlisçe sözlüklerde we okuw kitaplarda nädogry işlikler elipbiý görnüşinde berilýär. Olary ýat tutup başlanymyzda, bu tertip derrew irizýär. Beýle bolma-gynyň sebäbi işlikler şol bir harpdan başlanyp, biri beýlekisinden sähel tapa-wutlanýar.

Daşary ýurtly dilçi alymlary nädogry işlikleri içgin, oňat özleşdirmegiň dürli usullaryny salgy berýärler. Olaryň biri mnemoteknika, ýagny ýat tut-magyň gadymy usullaryny maslahat berse, beýlekisi, meselem, professor A.Dragunkin nädogry işlikleriň sanawuny daşky şekılleri boýunça birmeňzeş-leri toplamagy teklip edýär. Dilçi alym B.Wasilýewa birnäçe prinsip boýunça toplanan, ýagny: 1) gapdalyndaky sözler dürli harplardan başlanýan; 2) şekil-leri boýunça birmeňzeş; 3) ýazuw düzgüni we aýdylyşy boýunça meňzeşlerini toplap ýat tutmagy dogry saýýar. Bu awtoryň pikiriçe, nädogry işlikleri ýat tutmagyň üç basgançagy bar: 1) özüň öwrenýäniň aňynda şöhlenişi (şekili);

2) sözüň ses arkaly berlişi; 3) ýazuw arkaly berlişi.

Nädogry işlikler has netijeli usullary aşakdakylar hasaplaýarys.

Nädogry işlikleriň doly sanawyny alyp, olary aşakdaky görnüşleri boýunça toparlara bölmeli.

Üç şekilleriniň hem meňzeş işlikler
Okap bilersiňiz Dünýäde näçe sany guş ýaşaýar?
Häzirki we öten zamanlary -t harpyna gutarýan işlikler:

Bet-bet-bet, bid-bid-bid, cast-cast-cast, cost-cost-cost, fit-fit-fit, hit-hit-hit, knit-knit-knit, let-let-let, put-put-put, quit-quit-quit, set-set-set we ş.m..

slit-slit-slit, split-split-split;

2. Diňe öten zamanlary meňzeş gabat gelýän işlikler:

Breed-bred-bred, can-could-could, dig-dug-dug, feed-fed-fed, flee-fled-fled, fling-flung-flung, hang-hung-hung, have-had-had, lead-led-led; catch-caught-caught, deal-dealt-dealt, feel-felt-felt, keep-kept-kept, we ş.m.

3. Üç görnüşiniň hem doly üýtgeýän işlikler:

Arise-arose-arisen, begin-began-begun, break-broke-broken, choose-chose-chosen, do-did-done, drink-drank-drunk, eat-ate-eaten, fall-fell-fallen, give-gave-given, go-went-gone, write-wrote-written we beýlekiler.

Indi işlikleriň häzirki we öten zaman görnüşleriniň (simple past we past participle) soňky bogundaky sesleriniň aýdylyşy boýunça gabat gelýänlerini topara jemlemäliň.

a) çekimli sesler:

– a-o-en toplum

awake-awoke-awoken, forsake-forsook-forsaken, shake-shook-shaken,

take-took-taken, wake-woke-woken;

–aw / -ew (-ow) -wn toplum

draw-drew-drawn, blow-blew-blown, grow-grew-grown, mow-mowed-mown, sow-sowed-sown we beýekiler.

-ay-aid toplum

lay-laid-laid, pay-paid-paid, say-said-said;

– ear-re-rn toplum

bear-bore-born/borne, forbear-forbore – forborne, swear-swore-sworn, tear-tore- torn, wear-wore-worn;

–eed / -ed, -eet / et toplum

bleed-bled-bled, breed-bred-bred, feed-fed-fed, lead-led-led, meet-met-met,

speed-sped-sped,

-e-o-en toplum

forget-forgot-forgotten, freeze-froze-frozen, get-got- got (gotten), forgive-forgave-forgiven;

-e, -i+çekimsiz + -o -/ en toplum

arise-arose-arisen, abide-abode-abidden, drive-drove-driven, ride-rode-ridden, rise-rose-risen, smite-smote-smitten, stride-strode-stridden, strive-strove-striven, thrive-throve-thriven, write-wrote-written;

-ep-pt toplum

creep-crept-crept, keep-kept-kept, leap-leapt-leapt, sleep-slept-slept,

sweep-swept-swept-weep-wept-wept;

–i/-a/ -u toplum

begin-began-begun, drink-drank-drunk, ring-rang-rung, run-ran- run,

shrink-shrank-shrunk, sing-sang-sung, sink-sank-sunk, stink-stank-stunk,

spring-sprang-sprung, swim-swam-swum;

-i /-u/-u toplum

Okap bilersiňiz Grenlandiýanyň musk öküzleri
cling-clung-clung, dig-dug-dug, fling-flung-flung, slink-slunk-slunk, spin-spun – spun, stick-stuck-stuck, sting-stung-stung, string-strung-strung, strike-struck-struck, swing-swung-swung, wring-wrung-wrung;

-id /-ade /den toplum

forbid-forbade-forbidden, ride-rode-ridden, stride-strode-stridden;

-ide / -id toplum

chide-chid-chid (chidden), hide-hid-hidden, rive-rived-riven, slide-slid-slid;

–ind/ -ound toplum

bind-bound-bound, find-found-found, grind-ground-ground, wind-wound-wound;

–ive – ave – ven toplum

give-gave-given-forgive-forgave-forgiven;

-ive-ove –ven toplum

drive-drove-driven, strive-strove-striven, thrive-throve-thriven,

weave-wove-woven;

öten zamanda ought /aught [o:] sesli toplum

beseech-besought-besought , bring-brought-brought, buy-bought-bought,

catch-caught-caught, fight-fought-fought, seek-sought-sought, teach-taught – taught, think-thought-thought;

b) çekimsiz sesler bilen:

öten zamanlary -d bilen

bind-bound-bound, bid-bid-bid, bleed-bled-bled, breed-bred-bred, dig-dug-dug, feed-fed-fed, find-found-found, grind-ground-ground, have-had-had, hear-heard- heard, hold-held-held, make-made-made, read-read-read, rid-rid-rid, say-said, said, sell-sold-sold, shed-shed-shed, sherd-shred-shred, slide-slid-slid, speed- sped-sped, spread-spread-spread, stand-stood-stood, wind-wound-wound;

toplum öten zamanlary – d, -t bilen gutarýan:

bend-bent-bent, build-built-built, lend-lent-lent, rend-rent-rent, send-sent-sent, spend-spent-spent;

-l /-ld toplum

foretell-foretold-foretold, retell-retold-retold, sell-sold-sold, tell-told-told;

-l –lt toplum

deal-dealt-dealt, dwell-dwelt-dwelt, feel-felt-felt, kneel-knelt-knelt,

smell-smelt-smelt, spell-spelt-spelt, spill-spilt-spilt, spoil-spoilt-spoilt;

–m / -mt, -n/-nt bilen gutarýan toplum:

dream-dreamt-dreamt, learn-learnt-learnt, mean-meant-meant;

–wn bilen gutarýan toplum:

blow-blew-blown, draw-drew-drawn, grow-grew-grown, know-knew-known,

mow-mowed-mown, show-showed-shown, sow- sowed-sown, throw-threw-thrown, fly-flew-flown.

Nädogry işlikleriň bir topary düýp işligiň öňüne prefiks – sözöňi goşulmanyň kömegi bilen ýasalýar. Öten zaman görnüşlerinde olar hem ýokarky kadalara laýyklykda, mes.: for+get, for+give, for+sake- fore+see, dis+honour, mis+hear, mis+take, out+do, over+come, pre+pay, re+write, un+do, un+say, under+take we ş.m.

Nädogry işlikleriň hemmesini ýat tutmak hökman däl. Olaryň iň ýörgünli ulanylýanlaryny , şeýle hem ýokardaky bölnen toparlary ýatda saklamak ýeterlik. Soňra tablisany günde birki gezek yzygiderli gaýtalamak arkaly kem-kemden beýlekilerini öwrenersiňiz.
Amangeldi Amangeldiýew,

filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

Biz sözlügimizde “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň rugsat bermegi bilen bu merkeziň nyşanyny ulandyk. “Makul Sözlükden” peýdalanmak isleýän bolsaňyz, onda, Sizi www.makulsozluk.com saýtyna çagyrýarys. Aşakdaky linkleri ulanyp Playmarket-den biziň applikasiýalarymyzy mugt göçürip ulanyp bilersiňiz.