Soňky goşundylar: sözüň yzyna goşulýan goşundylar
| Görnüşi (Suffix) | Manysy we Düşündirişi | Terjimesi |
|---|---|---|
| -able |
ukyply; laýyk; mümkin ; atdan belli bir häsiýete eýe bolup biljek sypaty ýasaýar
Mysal: We've made an acceptable start, but it could've been better.
|
Biziň işimiziň örän oňat başlangyjy boldy, ýöne mundan hem gowy bolup bilerdi. |
| -acy |
ýagdaý ýa-da hil
Mysal: It is a strange trade, I have often thought, that of advocacy.
|
Aklawçylyk kärini men hemişe geň kesp hasaplardym. |
| -age |
hereketi ýa-da proses , şerti ýa-da netijäni görkezýän atlary ýasaýar
Mysal: He started off his long voyage when he was fifteen.
|
Uzak deňiz syýahatyna ol 15 ýaşynda başlapdy. |
| -al |
hereket ýa-da proses atdan sypat ýasaýar
Mysal: They’ve got married only after paternal benevolence.
|
Olar diňe ata patasyny alanlaryndan soň, durmuş gurdular. |
| -an |
degişli; dahylly geografiki ýeri millete, tirä, taýpa, ylmy ugra degişliligi aňladýan atlary ýasaýar.
Mysal: Being a student he learned a lot about Arabian national customs.
|
Talyp bolmak bilen ol arap döwletleriniň däp-dessurlary barada köp zatlary öwrendi. |
| -ance |
ýagdaý ýa-da hil işliklerden we sypatlardan işi, hereketi, ýagdaýy ýa-da hili aňladýan atlary ýasaýar
Mysal: It was his first successful performance on the large stage.
|
Bu onuň uly sahnada ilkinji üstünlikli çykyşydy. |
| -ant |
işliklerden at ýasaýjy söz soňy goşulma iň degişli häsiýetleri-ni aňladýan sözlerden at ýasaýar,
Mysal: His father was a brilliant accountant.
|
Onuň kakasy ökde hasapçydy. |
| -arian |
at we ýasaýjy söz soňy goşulma, degişliligi, ynanjy we aýratyn hereketi aňladýar meşgullanýan kärini (hünärini) aňladýan sypaty ýasaýar
Mysal: Having graduated the institute he became an agrarian specialist.
|
Instituty tamamlandan soň, ol käri boýunça agranom boldy. |
| -ary |
degişli; baglanşykly; ýörite ýeri aňladýar. ýerine ýetirýän käbir wezipelerini aňladýan adamy ýa-da predmeti aňladýar.
Mysal: After gaining his secondary technical training he start to work in his own village.
|
Orta tehniki bilimi alandan soň, ol öz dogduk obasynda işe başlady. |
| -ate |
at, sypat we işlik ýasaýjy goşulma bolup, ol wezipäni, edarany, himiki birleşmeleri, hili, dolulygy, hereketi, aňladýar esini, jemgyýetçilik ýagdaýyny tassyklaýan, görkezýän atlar
Mysal: After gaining his certificate of secondary education he entered the university.
|
Orta bilim baradaky şahadatnama alanyndan soň, ol uniwersitete girdi. |
| -ation |
işliklerden abstrak atlary ýasaýjy goşulma iň hereketini ýa-da ýagdaýyny görkezýän we işliklerden ýasalan atlar
Mysal: Solid education is very important in our times.
|
Häzirki wagtda düýpli bilimalmak örän wajyp. |
| -ative |
işliklerden sypat ýasaýjy goşulma bolup, degişliligi, baglanşygy we häsiýetliligi aňladýar häsiýetli tarapy görkezýär
Mysal: She was very talkative girl in our classroom.
|
Synpymyzda ol gyz iň köp gürleýänidi. |
| -dom |
ýagdaýy, alamaty, edarany, guramany, territoriýany, alnyp barylýan işiň ýerini aňladýan goşulma
Mysal: The official name of England is the United Kingdom of Great Britain and Northern Ireland.
|
Beýik Britaniýanyň we Demirga-zyk Irlandiýanyň Birleşen Korol-lygy - Angliýanyň resmi ady. |
| -cy |
ýagdaýy, hili, derejäni ýa-da wezipäni aňladýan goşulma atlardan hili aňladýan sypat ýasaýar
Mysal: He has passed his proficiency examination successfully and was enlisted to this position.
|
Ol hünär başarnygy synagyny üstünlikli tabşyryp, bu wezipä bellenildi. |
| -archy- |
dolandyrmak, agalyk etmek; edara etmek; baştutanlyk etmek dolandyryş
Mysal: A monarchy is a system in which a country has a monarch.
|
Monarhiýa dolandyryşy monarh ulgamly ýurtdyr. |
| -ee |
hereketiň obýektini, kesgitli ýagdaýdaky ýa-da hereketi ýerine ýetirýän adamy aňladýan goşulma ýa-da işliklerden atlary ýasaýar
Mysal: More than 1000 employees work in this plant.
|
Bu zawodda 1000-den gowrak işgär işleýär. |
| --eer |
nämedir bir zat bilen ýa-da asyl söziň hereketi ýerine ýetirýän adamy anladýan goşulma bolup käri, hünäri görkezýär. aňladýan at
Mysal: This eengineer has recently been appointed to a high position.
|
Ýakynda bu inžener ýokary wezipä bellenildi. |
| --en |
sypatdan işlik ýasaýan ýagdaýy ýa-da haly ýasaýjy goşulma
Mysal: The passengers fastened their safety belts on the board.
|
Uçarda ýolagçylar howpsuzlyk kemerlerini berkitdiler. |
| --en |
bir zadyň ýasalan materialyny ýa-da çalymdaşlygyny aňlaýan goşulma
Mysal: She likes to wear silken dress.
|
Ol ýüpek köýnek geýmegi halaýar. |
| --en |
öten zaman ortak işlik goşulmasy
Mysal: She read a letter written to her.
|
Ol özüne ýazylan haty okady. |
| --ence |
bir zadyň hilini, hereketi aňladýan goşulma
Mysal: We give preference to those who have worked with us for a long time.
|
Biziň bilen uzak wagt işlänlere biz artykmaçlyklar / ýeňillikler berýäris. |
| -ent |
hereketi ýerine ýetirýän adamy ýa-da zady, ýagdaýy ýa-da haly aňladýan goşulma işlikleriň degişli häsiýetlerini aňladýan sözlerden sypatlary ýasaýar
Mysal: It was very convenient time to meet and discuss the problems with him.
|
Duşuşmak we meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin örän amatly wagtdy. |
| --ent |
ihereketi ýerine ýetirýän adamy ýa-da zady, ýagdaýy ýa-da haly aňladýan goşulma
Mysal: He worked as a correspondent in one of the central newspapers for 30 years.
|
Ol merkezi gazetleriň birinde 30 ýyllap habarçy bolup işledi. |
| --er |
işliklerden kär, hünär, endikleri ýasaýjy goşulma
Mysal: Here is Mr. Black, the leader of his profession.
|
Ine, bu jenap Blek, öz işiniň aňrybaş ussady. |
| --er |
sypatlaryň we hallaryň deňeşdirme derejesini ýasaýjy goşulma
Mysal: Sooner or later you'll have to tell him about it.
|
Irde-giçde sen bu barada oňa gürrüň bermeli bolarsyň. |
| --ery |
bir zadyň ýerine ýetirilýän ýa-da ýasalýan ýerini, wezipäni, işi, sungaty, zatlaryň ýa-da adamlaryň toparyny ýa-da toplumyny, hili, häsiýeti ýa-da ýagdaýy aňladýan goşulma jemini aňladýan atlary hünärini aňladýar
Mysal: The soldiers demonstrated their bravery at the battle.
|
Söweşde esgerler batyrgaýlyk görkezdiler. |
| --ess |
adamlaryň aýal, haýwanlaryň urkaçy jynsyna degişli atlary ýasaýar
Mysal: This actress was awarded Oskar Prize for her best female role last year.
|
Geçen ýyl iň oňat zenan keşbini ussatlarça ýerine ýetireni bu aktrisa Oskar baýragyna mynasyp boldy. |
| --est |
bir bogunly sypatlaryň artyklyk derejesini ýasaýar
Mysal: July is the hottest month of the year.
|
Iýul ýylyň iň yssy aýy. |
| --eth |
abstrakt düşünjelerden hili, häsiýeti aňladýan at ýasaýar
Mysal: I live on the seventh floor. I was gasping for breath.The canal is twenty kilometres in length.
|
Men ýedinji gatda ýaşaýaryn.Meniň demim tutuldy. Kanalyň uzynlygy 20 km barabar. |
| --ically |
degişli atlardan, sypatlardan hal ýasaýar.
Mysal: An economically active population is the great resources of any country.
|
Ykdysady taýdan işjeň ilat islendik ýurduň milli baýlygydyr. |
| --ful |
atlaryň sanyny, mukdaryny belli bir hilini aňladýan sözlerde ulanylýar
Mysal: I think, your advice will be very useful in our business.
|
Siziň maslahatyňyz, meniň pikirimçe, işimizde örän peýdaly bolar. |
| --hood |
atlardan durmuş, jemgyýetçilik ýagdaýy aňladýan sypatlary ýasaýar
Mysal: Childhood is a very bright period of our life.
|
Çagalyk – biziň durmuşymyzyň iň bir ýatda galyjy döwür. |
| -holder |
Goşma sözlerde eýesi, eýele-ýän diýen manyny berýär
Mysal: The householder of the house was an old man.
|
Jaýyň eýesi ýaşuly garry adamdy. |
| --ible |
atdan belli bir häsiýete eýe bolup biljek sypaty ýasaýar
Mysal: Some ultrasound is audible to dogs.
|
Käbir ultrasesleri diňe itler eşitmäge ukyply. |
| --ibility |
atdan belli bir häsiýete eýe bolup biljek sypaty ýasaýar
Mysal: Themes for seminar classes are chosen for their accessibility to a general audience.
|
Amaly okuwlaryň temalary talyplaryň giň köpçüligine düşünikli esasda saýlanylýar. |
| --ic |
atdan sypat ýasaýyjy
Mysal: The country has gained high economic achievements within last years.
|
Soňky ýyllarda ýurt ýokary ykdysady netijeleri gazandy. |
| --ical |
-ic goşulmaly atlardan sypat ýasaýar we degişliligi hem häsiýetli aýratynlygy görkezýär
Mysal: She works in the first medical aid station.
|
Ol ilkinji lukmançylyk kömegi bölüminde işleýär. |
| --ise= ize |
atlary işlige öwürýär
Mysal: Modernizing the educational process eases getting knowledge
|
Okuw işini döwrebaplaşdyrma bilim almaklygy ýeňilleşdirýär. |
| -ish |
derejäni, meňzeşligi, degişliligi, wagtyň, mukdaryň takmynan aňladylmagyny görkezmek üçin atlaryň we sypatlaryň yzyna goşulýar atlarda milleti, dili aňladýar
Mysal: British is the national language of Great Britain.
|
Iňlis dili Beýik Britaniýanyň milli dili. |
| --ish |
derejäni, meňzeşligi, degişliligi, wagtyň, mukdaryň takmynan aňladylmagyny görkezmek üçin atlaryň we sypatlaryň yzyna goşulýar
Mysal: His writing table was of brownish colour.
|
Onuň stoly goňrumtyl reňkdedi. |
| --ism |
jemgyýetçilik gurluş, ýagdaý, düzgün
Mysal: Capitalism and socialism are notions for the stages passed by people in a certain period of time.
|
Kapitalizm, sosializm adamlaryň jemgyýetçilik durmuşynda geçýän döwürlerini kesgitleýärn düşünje. |
| --ist |
işi, hereketi ýerine ýetirijini aňladýar.
Mysal: The artist performed his part perfectly.
|
Artist oýnaýan keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. |
| --ive |
atlardan sypat ýasaýar
Mysal: Many countries made progressive advance in their economic development.
|
Milli ykdysadyýetini ösdürmekde ýurtlaryň köpüsi uly öňegidişlik gazandylar. |
| --less |
goşma sözlerde “-syz, -siz”, däl, kem ýaly manylary berýär.
Mysal: It’s useless to try it again.
|
Gaýtadan synanyşyp görmek – peýdasyz. |
| --like |
“ýaly, “meňzeş” , "çalymdaş" diýen manylary berip, atlary sypata öwürýär
Mysal: He was so modest and had a childlike heart.
|
Ol şeýle bir sypaýy we sadady – göwni edil çagaň ýüregi ýalydy. |
| --logy |
söz, ylym ýaly manylary berýär
Mysal: At school pupils study general biology.
|
Okuwçylar mekdepde umumy biologiýany öwrenýärler. |
| --ly |
sypatdan hal ýasaýar, atlardan wagt aralygyny aňladýan sypat ýasaýar
Mysal: The natives used us friendly. They hold the meeting weekly.
|
Ýerli halk bize dostlukly garady.Olar her hepde ýygnak geçirýärler. |
| --ment |
işlikden at ýasaýar
Mysal: High development of economy is necessary for social progress.
|
Sosial progres üçin ýokary ykdysady ösüş zerurdyr. |
| --ness |
(atdan sypat ýasaýar – hil, ýagdaý ýaly many berýär
Mysal: Greatness of Magtymguly Pyragy was recognized by the world community long times ago.
|
Magtymguly Pyragynyň beýikligi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan köp ýyl mundan öň ykrar edildi. |
| --nomy |
nomiýa -kanun (garaýyşlaryň, kadalaryň ulgamy)
Mysal: He works at the astronomy department of the cosmonautics Institute.
|
Ol kosmonawtika institutynyň astronomiýa kafedrasynda işleýär. |
| -ator |
işlikler tarapyndan aňladylýan hereketi ýerine ýetiriji adamy ýa-da guraly aňladýar kärini, hünärini görkezýär
Mysal: Her husband was a first-class aviator.
|
Onuň adamsy birinji derejeli uçarmandy. |
| -ify |
to make; etmek, döretmek manysyny berýär
Mysal: They tried to beautify the garden.
|
Olar howlyny owadanlaşdyrmaga synanyşdylar. |
| --ous |
belli bir hile, häsiýete, sypata eýe bolan adam ýa-da zat.
Mysal: Confucius was a famous Chinese philosopher.
|
Konfusiý meşhur hytaý kitaý filosofy bolupdyr. |
| -person |
adam, hünärini, eýeleýän wezipesini we ş.m. aňladýar.
Mysal: The chairperson of the conference declared the opening of the meeting.
|
Konferensiýanyň başlygy ýygnanyşygy açyk diýip yglan etdi. |
| -phone |
belli bir hile, häsiýete, sypata eýe bolan adam ýa-da zat.
Mysal: Jane spoke to Jack on the telephone. To learn a language one should work in a lingophone laboratory.
|
Jeýn Jek bilen telefon arkaly gürleşdi. Dil öwrenmek üçin lingofon kabinetde işlemeli. |
| -proof |
goşma sözlerde geçirmeýän, durnukly, çydamly ýaly manylary berýär
Mysal: Divers put on their waterproof costumes.
|
Suwa çümüjiler suw geçirmeýän kostýumlerini geýdiler. |
| -scope |
seretmek, görmek
Mysal: First astronomic observations were carried out through telescope by Galilei in 1609.
|
Asman jisimlerine teleskop arkaly ilkinji gözegçilikler Galileý tarapyndan 1609-njy ýylda geçirildi. |
| -scribe |
ýazmak
Mysal: The poem was inscribed to his beloved.
|
Bu poemany ol öz magşugyna bagyşlapdyr. |
| -self,selves |
at çalyşmalaryň gaýdym derejesini ýasaýar, özi manyny berýär.
Mysal: I did it myself alone. They didn’t it themselves.
|
Men muny ýeke özüm ýerine ýetirdim . Olar muny özleri ýerine ýetirmedi. |
| --ship |
adamyň we beýleki zatlaryň jemgyýetdäki ornuny görkezýär
Mysal: They had long partnership in their joint ownership.
|
Bilelikdäki eýeçilik olaryň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmegine eltdi. |
| --sion, |
işi, hereketi ýa-da ýagdaýy görkezýär
Mysal: The discussion of main problems lasted for three hours.
|
Esasy meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy 3 sagada çekdi. |
| --teen |
13-den 19-a çenli sanlarda ulanylýar
Mysal: Any person aged between thirteen and nineteen years is called teenager.
|
Islendik 13-19 ýaş aralykdaky adam ýetginjek diýip atlandyrylýar. |
| -th |
mukdar sandan tertip sanlary ýasamakda ulanylýar; b) işlikden at ýasaýar
Mysal: We live on the seventh floor of the house.
|
Biz jaýyň ýedinji gatynda ýaşaýarys. |
| --time |
"wagt", "möwsüm", “pasyl” diýen manylary berýär
Mysal: Springtime is my best season.
|
Bahar möwsümi meniň iň oňat görýän paslym. |
| --tion |
işiň hereketini ýa-da ýagdaýyny görkezýän işlikleden ýasalan atlar
Mysal: Correction of mistakes helps improving language.
|
Ýalňyşlaryň üstünde işlemek dili kämilleşdirmäge kömek edýär. |
| --ty |
işliklerden bir kökli atlary ýasaýar.
Mysal: Where is national unity, there is great prosperity.
|
Agzybirligiň bar ýerinde gülläp ösüş bardyr. |
| --ty |
20-90 aralykdaky onluk mukdar sanlary ýasaýar
Mysal: He was about forty forty-two years old handsome gentleman. Besides, he always showed his loyalty to his friends.
|
Ol 40-42 ýaşlaryndaky görmegeý adamdy. Şeýle hem, ol dostlary bilen hemişe mylakatlydy. |
| --ure = ture |
işi, ýagdaýy, alamaty aňadýan abstrakt düşünje
Mysal: Success teaches little, but failure teaches a lot.
|
Üstünlik az zat öwredýär, emma başarsyzlyk köp zat öwredýär. |
| --ure = ture |
resmi edarany we onuň işini aýladýar;
Mysal: He worked in a car manufacture in Japan.
|
Ol Ýaponiýada awtomobil önümçiliginde işleýärdi. |
| -ure = ture |
anyk predmeti aňladýar
Mysal: Portraiture was his main trade.
|
Portret suratçylygy onuň esasy işleýän ugrydy. |
| -vene, (vent) |
latyn sözünden gelmek, aralaşmak, goşulmak diýen manylary berýär
Mysal: It not polite to intervene when two people are talking.
|
Iki adam gürleşip duran wagty, olaryň arasyna goşulmak edepsizlikdir. |
| --ward(s) |
hereketiň ugruny görkezýän sypat we hal
Mysal: A old fisherman turned to shoreward.
|
Goja balykçy kenara tarap öwrüldi. |
| -ways |
goşma sözlerde hereketiň birinji bölegindäki halyň manysyny, görnüşini berýär.
Mysal: She laid the tablecloth breadthways. There was an archwise passageway nearby.
|
Zenan saçagy giňden ýazdy.Golaýda ýaý görnüşli geçelge bardy. |
| -ways |
goşma sözleriň birinji bölegindäki söze bolan gatnaşygy görkezýär
Mysal: Seven hundred dollars - it is not bad in percentagewise.
|
Ýedi ýüz dollar – bu göterim (prosent) gatnaşygynda erbet netije däl. |
| --wise |
hereket usuly, halyň “boýunça” diýen manysyny berýär
Mysal: It is not bad bank-wise commission.
|
Banklar boýunça bu erbet ýygym däl. |
| -wise |
hereket usuly halyň “boýunça” diýen manysyny berýär
Mysal: Weather-wise, the holiday was great.
|
Howa babatda – dynç alyş örän oňat boldy. |
| --wide |
giň,ýaran, bütin, ähli
Mysal: The Internet is the single worldwide computer network that interconnects other computer networks.
|
Internet - bu beýleki kompýuter torlaryny özara birikdirýän ýeke-täk bütindünýä kompýuter torydyr. |
| --worthy |
mynasyp, degýän, ödeýän
Mysal: They have been an experienced and trustworthy partner in business for more than ten year.
|
Olar indi 10 ýyldan gowrak bäri ygtybarly we tejribeli hyzmatdaşlar bolup gelýärler. |
| --y |
abstrakt we jem, topar atlary ýasaýar
Mysal: It was an emergency case during their life together.
|
Bu olaryň bilelikdäki durmuşyndaky garaşylmadyk adatdan daşary ýagdaýdy. |
| --y |
herekedi aňladýan işlikden at ýasaýar
Mysal: Any companies make enquiries before conducting with their new partners.
|
Işleşmezden öň islendik kompaniýa öz täze hyzmatdaşlary barada maglumatlary öwrenýär. |
| --y |
atlardan we işliklerden kybapdaş sypatlary ýasaýar
Mysal: Healthy body is better than wealthy and ill life.
|
Janyň saglygy - bol we keselli durmuşdan gowudyr. |
| --y |
atlardan sypatlary ýasaýar
Mysal: Many people don’t like rainy, misty and windy weather.
|
Adamlaryň köpüsi ýagynly, çygly we şemally howany halamaýarlar. |
| - | ||
| - | ||
| - | ||
| - | ||
| - | ||
| - | ||
| - | ||
| - | ||
| - | ||
| - | ||
| - |
These are either roots, prefix-like, or word elements that don’t function as endings:
ID Entry Reason
15 archy- Root meaning "rule" (from Greek arkhē); not a suffix.
32 -graph Root meaning "write" or "record"; forms compounds, not suffix.
34 -holder Comp
|
|
| - | ||
| - |
Birinjiden, ýokarda mysal getirilen 10 sözsoňy goşulmanyň (sözüň) 5-si asyl söz (root word) diýip sözlüklerde kabul edilýär, galan 5-si bolsa goşma sözüň bölegi (combining word) bolup çykyş edýär. Indi, eger, asyl sözlerden olary aýratyn aljak bolsak, ond
|
|
| - |
Ikinjiden, şol bir sözsoňy goşulmanyň dürli manylaryna görä, birnäçe mysalllar aýratynlykda getirilýär. Mysal üçin, -en, -ent, -er, -ty, -ish, -ure, -ture, -ways, -wise, -y. Bulary doly aňladýan manylaryny görkezmek bilen, bir ýerde ýerleşdirip boljak.
|
|
| - |
Üçünjiden, unifikasiýa/birmeňzeşligi saklamak üçin, hemme sözöňi we sözsoňy goşulmalar defis bilen ýazylmaly. Defisi (-) sözsoňy goşulmanyň yzyndan goýmaly, sözöňi goşulmanyň bolsa öňünden goýmaly. Asyl ýa-da goşma söz bölekleri bolup çykyş edýän sözlerde
|