BIZ BARADA

Türkmen we Iňlis dillerinde “gepleýän” we eşidýän ilkinji Akylly sözlük: Makul Sözlük

“Makul Sözlük” sanly we sesli sözlük  taslamasy Türkmen we Iňlis dilindäki  sözlük taslamasy bolup, 15 müňden gowrak esasy sözi özünde jemleýär. Makul Sözlükden  sinonimleri hem hasaba alanyňda  jemi 25 müňden gowrak Türkmen dilinden Iňlis diline, şeýle hem Iňlis dilinden Türkmen diline sözleri tapyp bilersiňiz. Sanly we Sesli sözlük – Makul Sözlük  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe  bagyşlap durmuşa geçirýän taslamasydyr.

Biz sözlügimizde “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň rugsat bermegi bilen bu merkeziň nyşanyny ulandyk. “Makul Sözlükden”  peýdalanmak isleýän bolsaňyz, onda, Sizi www.makulsozluk.com saýtyna çagyrýarys. Ýakyn wagtda sözlügiň Android ulgamynda işleýän Applikasiýasyny ulanyşa girizeris.

Gelejekde IOS ulgamynda işleýän “Makul Sözlük” Applikasiýasy Size hödürlener.  Bellemeli zat, bu sanly we sesli sözlük taslamasy barada pikir ilkinji gezek  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäheriniň ýakynlarynda ýerleşýän sanly tehnologiýaly startuplaryň merkezi hasaplanýan Palo Altoda- Silikon jülgesinde jemlendi.

Akylly sözlük: Makul Sözlük

“Makul sözlügiň”  beýleki köp sanly sözlüklerden tapawutly tarapy sanly sözlük bolmagydyr. Ýakynda Google Sözlügiň “Türkmen dilindäki” nusgasynyň durmuşa geçendigini we az sanly bolsa hem, Türkmen-Iňlis dillerinde beýleki sanly sözlükleriň bardygyny belläp geçeliň!

Taslamanyň iň esasy aýratynlygy bolsa Sesli Sözlük bolmagydyr. Ýagny, Makul Sözlük Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji sözlükdir. Siz Türkmen dilindäki we Iňlis dilindäki sözleriniň diňe ýazmaça görnüşini däl-de eýsem ol sözleri sesli hem diňläp bilersiňiz.

“Sesli gözleg” : Makul Gözleg

“Makul Sözlük” taslamasynyň ýene bir aýratynlygy bolsa, sözleri “sesli gözleg” bilen tapmak mümkinçiliginiň bermegidir. Ýagny, Siz isleýän we gözleýän sözleriňizi diňe ýazyp tapmak däl, eýsem, sözlükdäki ýörite programmanyň üsti bilen “sesli gözleg” edip tapyp bilersiňiz. Mysal üçin siz “lawyer” sözini eşitdiňiz we bu söziň manysy bilmek isleýän bolsaňyz, onda, “Makul Sözlüge” “lawyer” diýip, aýtmagyňyz ýeterlik, ol Size bu sözüň Türkmen dilindäki garşylygy aýdar. Ýagny, “Makul Sözlük” diňe “geplemeýär”, eýsem “eşidýän” we eşiden sözüni Size tapyp getirip berýän “akylly” Sözlükdir.

Täze sözleri Teklip Ediň!

“Makul sözlük” taslamasy yzygiderli kämilleşer we sözlükde bolup biläýjek säwlikler aradan aýrylar. Şol sebäpli, sözlügi ulanyjylaryň haýsy-da bolsa, bir bellikleri, tankytlary bar bolsa, bize turkmenlawyer@hotmail.com salgysyndan habar bermeklerini haýyş edýäris. Siz sahypamyzdaky “Siziň Bellikleriňiz” bölümini ulanyp bilersiňiz we saýta baha berip, teswiriňizi we teklipleriňizi iberip bilersiňiz!

“Makul sözlük” taslamasynda “Teklip Ediň” sahypasy hereket edýär we Siz bu Sözlükde bolmaýan sözleri (Türkmen we Iňlis dillerinde) teklip edip bilersiňiz. Iň köp söz teklip eden 5 awtoryň ady esasy sahypada ýerleşdiriler. Awtor islese, özüniň fotosuraty, özi barada gysgajyk maglumaty hem “Teklip ediň” sahypasyna ýerleşdirip biler.

Sözlügiň beýleki aýratynlyklary

Sözlükde “Iň köp gözlenen sözler”  we  “Iň soňky gözlenen sözler” bölümi hereket edýär. Şeýle hem, täze sözler öwrenmek isleýänler üçin, her gün 5 sany söz, Türkmen we Iňlis dillerinde esasy sahypada öz ornuny tapýar. Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyna ýerleşdirilen iň soňky habarlary hem sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Sahypamyzy ulanyjylar, eger gerek bolsa, Aşgabat şäherinde terjime hyzmatlaryny berýän “Makul Hyzmat’ terjime merkezine öz terjimelerini sanly ulgamyň üsti bilen iberip biler, amatly bahadan ýokary hilli terjime hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.

“Makul Sözlük” taslamamyzda Iňlis dilindäki sözlere Aýşirin Alyýewa, Türkmen dilindäki sözlere bolsa Miwe Jumadurdyýewa ses berdi.

Akylly Sözlük-Makul Sözlük taslamasy “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň baş redaktory, hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjowyň umumy ýolbaşçylygynda taýýarlanyldy.

Biz sözlügimizde “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň rugsat bermegi bilen bu merkeziň nyşanyny ulandyk. “Makul Sözlükden” peýdalanmak isleýän bolsaňyz, onda, Sizi www.makulsozluk.com saýtyna çagyrýarys. Aşakdaky linkleri ulanyp Playmarket-den biziň applikasiýalarymyzy mugt göçürip ulanyp bilersiňiz.